Wise-prezidenti Fuat Oktaý Iş Sapary Bilen Nigere Gitdi

Fuat Oktaý, täze saýlanan Prezident Mohamed Bazoumyň kasam edişlik dabarasyna gatnaşar

1613315
Wise-prezidenti Fuat Oktaý Iş Sapary Bilen Nigere Gitdi

 

Wise-prezidenti Fuat Oktaý, täze saýlanan Prezident Mohamed Bazoumyň kasam edişlik dabarasyna gatnaşmak üçin Nigere gitdi.

Fuat Oktaýy howa menzilinde Nigeriň Premýer ministri Brigi Rafini garşylady.

Fuat Oktaý bilen Rafini howa menzilinde özara duşuşyk geçirdi.

Wise-prezidenti Fuat Oktaý, Mahatma Gandhi konferensiýa merkezinde geçiriljek kasam edişlik dabarasyna gatnaşar.

Nigerde 21-nji fewralda geçirlen prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynda häkimiýetiň başyndaky PNDS partiýasynyň dalaşgäri Prezidenti Mohamed Bazoum üstünlik gazanypdy.



Degişli Habarlar