Mewlüt Çawuşogly Raşid Dostum bilen duşuşyk geçirdi

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Mewlüt Çawuşogly we Raşid Dostum Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdiler

1612924
Mewlüt Çawuşogly Raşid Dostum bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, paýtagt Ankara şäherine gelen Owganystanyň ozalky Wise-prezidenti Raşid Dostum bilen duşuşyk geçirdi. 

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Mewlüt Çawuşogly we Raşid Dostum Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdiler.

Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndan duşuşyk bilen bagly beren beýanatynda, Raşid Dostum bilen parahatçylyk etabyny we Owganystandaky türk kowumdaş halklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Doganlyk owgan halkyna parahatçylyk we asudalyk gözleginde goldaw bermegimizi dowam etdireris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar