Koronawirusa Garşy Göreş Dowam Edýär

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 31 müň 713 adama ýetdi

1613109
Koronawirusa Garşy Göreş Dowam Edýär

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 176 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 31 müň 713 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 243 müň 738 adam testden geçirilip, ýene-de 1 müň 424 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 40 müň 806 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 20 müň 817 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 3 million 35 müň 43 adama ýetdi.



Degişli Habarlar