Hulusi Akar ABŞ-ly kärdeşi bilen telefon arklaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1613090
Hulusi Akar ABŞ-ly kärdeşi bilen telefon arklaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde sebitleýin howpsuzlyk we ikitaraplaýyn goranyş hyzmatdaşlyk meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, iki ministriň strategik gatnaşyklaryň ähmiýetini, meseleleriň strategik hyzmatdaşlyk we alýansyň ruhyna esaslanyp çözülmeginiň gerekdigi bellenip geçildi. 

Hulusi Akar we Lloýd Ostin, iki ýurdyň arasyndaky harby gatnaşyklary güýçlendirip, has ýakyn hyzmatdaşlyk we koordinasiýa bolan baglylyklaryny tassykladylar. 



Degişli Habarlar