Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen bosgunlar halas edildi

Izmir welaýatynyň Çeşme etrabynda Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 37 bosgun halas edildi

1612531
Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen bosgunlar halas edildi

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk serkerdeliginden berilen beýanata görä, Çeşme etrabynyň suw giňişliginde 2 aýry bosgun toparynyň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda sebite Kenarýaka howpsuzlyk gullugyndan halas ediş toparlar gönükdirildi. 

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan halas edilen 37 bosgunyň Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilendigi anyklandy. 

Bosgunlar deslapky işlerden soň welaýat Migrasiýa edarasyna ugradyldy. 



Degişli Habarlar