Türkiýe, Owganystanyň Parahatçylygyna, Howpsyzlygyna we Durnuklylygyna goldaw Bermäge Dowam Eder

Mewlüt Çawuşogly, Owganystanda howpsyzlygyň, durnuklylygyň we asudalygyň ýola goýulmagynyň hemmeler üçin möhümdigini belledi

1611350
Türkiýe, Owganystanyň Parahatçylygyna, Howpsyzlygyna we Durnuklylygyna goldaw Bermäge Dowam Eder

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Täjigistanyň we Owganystanyň egindeş baştutanlygynda Duşenbe şäherinde geçirlen Aziýanyň Kalby-Stambul etabynyň ministrler derejesinde geçirlen 9-njy maslahatynda eden çykyşynda, Owganystanda howpsyzlygyň, durnuklylygyň we asudalygyň ýola goýulmagynyň hemmeler üçin möhümdigini belledi.

Türkiýede 10 ýyl ozal Aziýanyň Kalby-Stambul etabynyň başladylmagyndan hoşaldyklaryny nygtan Çawuşogly “Etabyň Owganystanda meselesinde giň gerimli platforma hökmünde öz işini dowam etdirmegi bizi buýsandyrýar. Sebitara mesesleler diňe hyzmatdaşlyk arkaly çözülip bilner” diýdi.

Çawuşogly, geçen ýyl Dohada ABŞ bilen Talibanyň arasynda gazanylan ylalaşygyň Owganystandaky parahatçylyk etabynda ýetilen esasy sepgitlerden biridigini emma ýurtda çaknyşyklaryň henizem dowam edýändigini nygtap, “Mesele syýasy taýdan çözülmeli” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly, depgininiň gowşakdygyna garamazdan parahatçylyk etabynyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini we her bir adamyň şol etaba doly goldaw bermelidigini ýatlatdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň doganlyk ýurt Owganystanyn parahatçylygy, howpsyzlygy we durnuklylygy üçin Aziýanyn Kalby-Stambulda etaby bilen birlikde ähli tagallalara goldaw bermäge dowam etjekdigine ünsi çekdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar