Prezident Erdogandan halkara jemgyýete sanjym bilen bagly çagyryş

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, öz raýatlaryna sanjym dozasyny ýeterlik derejede alan ýurtlaryň gereginden artyk sanjymlary mätäç bolan ýurtlara bermekleriniň gerekdigini beýan etdi

1611324
Prezident Erdogandan halkara jemgyýete sanjym bilen bagly çagyryş

Prezident Erdogan BMG tarapyndan döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen "Kowid-19 we ondan soňky döwürde galkynyşyň maliýeleşdirilmegi" atly onlaýn görnüşdäki maslahata wideo ýüzlenme ugratdy. 

Prezident Erdogan: "Ilatyň aglabasyna diýen ýaly sanjym etdiren ýurtlar barka, milliardlarça adamyň sanjymyň ilkinji dozasyny hem etdirmezlikleri adamzat gymmatlyklary taýdan aladalandyryjydyr" diýip belledi. 

"Kowid-19 sanjym meselesi çuňlaşmaga başlady. Dünýä derejesinde 100-e golaý ýurdyň entek sanjym alyp bilmändigini görýäris" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Ýogsam sanjymyň adalatly ýagdaýda paýlanmagy kepillik astyna alynmadan epidemiýanyň ýok bolmajakdygy we ykdysady galkynyşyň durmuşa geçirilip bilinmejekdigi ortadadyr. Öz raýatlaryna sanjym dozasyny ýeterlik derejede alan ýurtlaryň gereginden artyk sanjymlary mätäç bolan ýurtlara bermekleri gerekdir" diýip aýan etdi. 

Prezident Erdogan ýerli sanjym işleri tamamlanan mahaly, sanjymy iň elýeterli bahadan bütin adamzada hödürlemegi maksat edinýändiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar