MHG-niň Maslahaty Erdoganyň Başlyklyk Etmeginde Geçiler

Egeý, Gündogar Ortaýer deňizi we Kiprdäki meseleleri ýaly strategik ugurlaryň seljerilmegi meýilleşdirilýär

1611020
MHG-niň Maslahaty Erdoganyň Başlyklyk Etmeginde Geçiler

Milli howpsyzlyk geňeşi Prezident R.T.Erdoganyň başlyklyk etmeginde nobatdaky maslahatyny geçirer

Ýylyň ikinji maslahatynda Egeý, Gündogar Ortaýer deňizi we Kiprdäki meseleler, türk goşunynyň Azerbaýjanda, Liwiýada we Siriýada alyp barýan işleri bilen terrorizme garşy göreş ýaly strategik ugurlaryň seljerilmegi meýilleşdirilýär.

Garabagda ylalaşygyna gözegçilik etmek üçin 30-njy ýanwarda açylan Türk-Rus bilelikdäki harby merkezinde iş alynyp barylýan işleriň hem gün tertibinde bolmagyna garaşylýan maslahatda, soňky günlerde Siriýada başdan geçirilen wakalar bilen Liwiýada ýetilen sepgit ara alynyp maslahatlaşylar.

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda Egeý we Gündogar Ortaýer deňizindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýaňadandan başladylan geňeşmelerde ýetilen sepgit, Türkiýe bilen DKTR-nyň Gündogar Ortaýer deňizinde halkara hukukdan gelip çykýan haklaryň goralmagy boýunça alynyp barylýan işler hem giňden seljeriler.



Degişli Habarlar