Koronawirusa Garşy Göreş Dowam Edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 155 boldy

1611527
Koronawirusa Garşy Göreş Dowam Edýär

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 155 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 31 müň 385 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 235 müň 298 adam testden geçirilip, ýene-de 1 müň 376 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 37 müň 303 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 19 müň 925 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 995 müň 33 adama ýetdi.



Degişli Habarlar