Türkiýede 60 ýaş we ondan ýokary ýaşda bolan raýatlara sanjym edilmäge başlandy

Türkiýede koronawirus epidemiýasyna garşy 14 million 794 müň dozadan gowrak sanjym edildi

1610434
Türkiýede 60 ýaş we ondan ýokary ýaşda bolan raýatlara sanjym edilmäge başlandy

2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerinden başlan köpçülikleýin sanjym işleri dowam edýär. 

Koronawirus Ylmy geňeşi tarapyndan düzülen meýilnamanyň çäginde Türkiýe sanjym tapgyrynda 2 etaba geçdi. 

Şol çäkde 60 ýaş we ondan ýokary ýaşda bolan raýatlar bilen olaryň aýallary we howply topardaky käbir syrkawlar üçin sanjym meýilnamasy düzüldi. 

Howply topardaky patologik semizlik, howply çişi bolan rak we dializ keselli adamlar, daun sindromly bolanlar bilen immunosupressiw bejergisini alýan raýatlar bu tapgyrda ilki bilen sanjym bolup bilerler. 


Etiketkalar: #tapgyr , #sanjym , #koronawirus

Degişli Habarlar