Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 154 boldy.

1610807
Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 31 müň 230 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 225 müň 511 adam testden geçirilip, ýene-de 1 müň 325 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 32 müň 404 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 18 müň 15 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 975 müň 108 adama ýetdi.

Prezident R.T.Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda: “Hasaba alynanlaryň, hassalaryň we aradan çykanlaryň sanynyň artmagy bizi bar bolan şertleri seljermäge mejbur edýär” diýdi.

Erdogan, köçä çykma çäklendirmesiniň ýaňadandan bütin ýurtda we her gün agşam Türkiýe wagty boýunça 21:00-05:00 aralygynda, aýratynam “iňňän ýokary howply” topardaky 58 şäherde hepdäniň dynç alyş günlerinde giriziljekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan: “Pandemiýa garşy göreş boýunça görülýän çäreler boýunça her bir adamyň polisinin öz wyždany we aňy bolmalydyr” diýdi.



Degişli Habarlar