Ministrler Kabinetiniň mejlisi şu gün geçiriler
Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň Prezident Erdogan çykyş eder
Ministrler Kabinetiniň mejlisi, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň baştutanlyk etmeginde şu gün Beştepede geçiriler.
Mejlisiň güntertibiniň ileri tutulýan ugry koronawirus epidemiýasyna garşy göreş bolar.
Tapgyrlaýyn häsýetdäki kadalaşma etabynyň 1 aýlyk görkezijileri gözden geçiriler, wirusa ýolugýan adamlaryň sany analiz ediler, mutasiýa sezewar bolan koronawirusyň görkezijileri ara alynyp maslahatlaşylar.
Epidemiýanyň saglygy goraýyş başda bolmak bilen bilime, ykdysadyýete we ýaşaýyş durmuşa täsirleri maslahatlaşylar. Öňüni alyş çäreleriniň mundan soň nähili dowam etjekdigi barada karara geliner.
Maslahatda sanjym işleriniň soňky görkezijileri ele alynar. Ozal düzülen sanjym meýilnamasynyň üstünde durular. Hytaý, Germaniýa we Russiýa ýaly ýurtlar başda bolmak bilen daşary ýurtlardan getiriljek sanjymlaryň we ýerli sanjymlaryň soňky ýagdaýy ara alynyp maslahatlaşylar.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň Prezident Erdogan çykyş eder.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.