Prezident Erdogan 27-nji mart Bütindünýä Teatr güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 27-nji mart Bütindünýä Teatr güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

1609805
Prezident Erdogan 27-nji mart Bütindünýä Teatr güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanatda, Prezident Erdogan ýüzlenmesinde teatryň geçmişden şu güne çenli ýaşaýyş durmuş we adam bilen baglanşykly näme bar bolsa sahnalaşdyryp, tomaşaçy bilen aktýorlary şol bir maksat we umumy bir duýgy bilen bir ýere jemleýän täsirli sungat şahalaryň biridigini beýan etdi. 

Baý teatr tejribesine eýe bolan Türkiýede her ýaş aralygyndan we her gatlakdan teatra bolan gyzyklanmanyň bardygyny görmekden hoşaldyklaryny aýdan Prezident Erdogan, hökümediň başyna geçen mahallary 23 sany bolan döwlet teatrlaryndaky sahnalaryň sanyny 77-ä, hususy teatrlaryň sanyny bolsa 59-dan 328-e ýetirendiklerini mälim etdi. 

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde: "Sungat işgärlerimiziň we muşdaklarymyzyň 27-nji mart Bütindünýä Teatr günlerini gutlaýaryn, ähli raýatlarymyza tüýs ýüregimden salamymy ugradýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar