Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 151 Boldy

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 30 müň 21 adama ýetdi

1609673
Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 151 Boldy

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 151 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 30 müň 923 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 223 müň 214 adam testden geçirilip, ýene-de 1 müň 281 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 30 müň 21 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 18 müň 892 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 939 müň 929 adama ýetdi.



Degişli Habarlar