Arakanly Musulmanlara Lukmançylyk Enjamlary Kömegini Ugradyldy

Türk göçme hassanasynyň ýaňadandan açylmagy üçin taýarlanan kömek enjamlary alyp giden harby ýük uçary Ankaradan uçdy.

1609383
Arakanly Musulmanlara Lukmançylyk Enjamlary Kömegini Ugradyldy

 

Bangladeşde Arakanly bosgunlaryň bolýan düşelgesindäki ýangyn sebäpli zeper ýetirlen Türk göçme hassanasynyň ýaňadandan açylmagy üçin taýarlanan kömek enjamlary alyp giden harby ýük uçary Ankaradan uçdy.

Prezident R. T. Erdoganyň tabşyrygy boýunça Içeri işler ministrliginiň Tebigy apatlar we Adatdan daşary ýagdaýlar edarasy we Saglygy goraýyş ministrligi bilen Daşky gurşaw ministrligi sebitde gyssagly kömek ugratmak üçin işe girişdi.

Lukmançylyk enjamlary kömegi bilen ýangynda zeper ýetirlen Türk göçme hassahanasynyň ýaňadandan ulanylmaga berilmegi üçin taýarlanan Agyr howa şertlerine çydamly täze göçme hassahana, Ankaradan Etimesgut harby howa menzilinden A400M kysymly harby ýük uçaryna ýüklendi.

Ýardam enjamlary bilen birlikde 22 hünärmen hem, Ankaradan Etimesgut harby howa menzilinden Bangladeşe uçdy.



Degişli Habarlar