Prezident Erdogan Muhammed Ýunus Al Menfini Kabul Etdi

Al Menfiniň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Erdoganyň çakylygyna laýyklykda iş sapary bilen Türkiýä geldi

1609285
Prezident Erdogan Muhammed Ýunus Al Menfini Kabul Etdi

 

Prezident R. T. Erdogan, Liwiýanyň Prezidiumynyň başlygy Muhammed Ýunus Al Menfini kabul etdi.

Al Menfiniň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Erdoganyň çakylygyna laýyklykda iş sapary bilen Türkiýä geldi.

Stambulda Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşige Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen birlikde Prezidentiň metbugat sekretary Ybrahim Kalyn hem gatnaşdy.

Liwiýanyň Prezidium geňeşiniň öz wezipesine başlamagyndan soň Türkiýä guralýan ilkinji saparyň çäginde, Türkiýe bilen Liwiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylýar.

Saparyň çäginde özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hem seljerler.



Degişli Habarlar