Preziden Erdogan “Maý-Iýun Aýlarynda Sanjymlama Tapgyryny Tamamlamagy Maksat Edinýäris” Diýdi

Prezident Erdogan, Stambul şäherinde metbugata beýnnama berdi

1609148
Preziden Erdogan “Maý-Iýun Aýlarynda Sanjymlama Tapgyryny Tamamlamagy Maksat Edinýäris” Diýdi

 

Prezident R. T. Erdogan, täze görnüş koronawirusa garşy sanjymlama tapgyryny maý-iýun aýlarynda tamamlamagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan, Stambul şäherinde metbugata beýnnama berdi.

Beýannamasynda Kovid-19 garşy dowam edýän sanjymlama tapgyry hakynda durup geçen Erdogan “Maý-iýun aýlarynda sanjymlama tapgyryny tamamlamagy maksat edinýäris” diýdi.

Çykyşynda Hytaýdan alynan Kowid-19 sanjymlary hakynda maglumat beren Erdogan, sanjymlaryň gijä galmagy meselesi hakynda hytaýly ýolbaşçylar bilen gepleşik geçirendiklerini nygtady.

Germanitadan 1 million 400 müň doza sanjymyň gelendigini nygtan Erdogan “Germaniýada 10 million doza sanjym geler. Beýleki tarapyndan Russiýa bilen hem gepleşiklerimiz dowam edýär. Russiýadan geljek sanjymlar bilen biraz arkaýynlaşarys. Ýerli sanjymyň  we dermanyň öndürilmegi işleri hem güýçli depginde dowam edýär” diýdi.

Kipriň grek böleginde ýerleşýän metjide guralan hüjüm barada garaýyş beýan eden Prezident Erdogan “Gynansakda grekler wagtal-wagtal şeýle hereket edýär. ÝB-niň liderler maslahatynyň geçirilýän günlerinde metjide hüjüm guralmagy öjükdirmeden başga zat däl” diýip belledi.



Degişli Habarlar