Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 146 Boldy

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 29 müň 762 adama ýetdi

1607883
Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 146 Boldy

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 146 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 30 müň 462 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 221 müň 738 adam testden geçirilip, ýene-de 1142 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 29 müň 762 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 17 müň 761 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 881 müň 643 adama ýetdi.



Degişli Habarlar