Prezident Erdogan ýaňadandan Adalat we ösüş partiýasynyň başlyklygyna saýlandy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, 7-nji nobatdaky Beýik Kongresde 1428 sesiň ählisini alyp, ýaňadandan Adalat we ösüş partiýasynyň başlykylygyna saýlandy.

1607832
Prezident Erdogan ýaňadandan Adalat we ösüş partiýasynyň başlyklygyna saýlandy

Adalat we ösüş partiýasynyň Ankara sport zalynda geçirilen 7-nji nobatdaky Beýik Kongresinde, partiýanyň başlyklyk saýlawy netijelendi. 

Saýlawyň netijesine görä 1431 ses berildi, 1428 ses hasaba alyndy, 3 ses bolsa güýçsüz diýip kesgitlendi. 

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, hasaba alynan 1428 sesiň ählisini alyp, ýaňadandan Adalat we ösüş partiýasynyň başlykylygyna saýlandy. 

Partiýanyň 75 agzadan ybarat bolan Merkezi karar we dolanşyk geňeşi hem berilen sesler bilen kesgitlendi. 

Erdogan minnetdarlyk bildirip beren beýanatynda: "Meni ýene-de bir gezek partiýanyň başlygy wezipesine laýyk görenligiňiz üçin siziň her biriňize aýry-aýry minnetdarlyk bildirýärin" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Jemhur arkalaşygy stoluň başyndaky arkalaşyk däl, eýsem köňül ylalaşygydyr" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar