Prezident Erdogan: "Diýarbakyrdaky eneler bilen duşuşarys" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, çagalary ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan zamun alynan Diýarbakyrdaky gözleri ýaşly eneler bilen duşuşjakdyklaryny habar berdi

1607461
Prezident Erdogan: "Diýarbakyrdaky eneler bilen duşuşarys" diýdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, 7-nji nobatdaky Beýik kongrese gatnaşmak üçin baran Ankara Sport zalynyň daşynda garaşýan partiýasynyň agzalaryna ýüzlenip çykyş etdi.  

Çykyşynda partiýasynyň agzalarynyň sanynyň 1 milliondan geçen ýaş agzalary we takmynan 5 milliondan geçen zenan agzalary bilen jemi 13 million 500 müňe ýetendigini aýdan Erdogan: "Türkiýede däl eýsem dünýädede bular ýaly syýasy partiýa ýok" diýip belledi. 

Çykyşynda çagalary ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan zamun alynan Diýarbakyrdaky eneleriň hem üstünde durup geçen Prezident Erdogan: "Nesip bolsa Diýarbakyrdaky gözleri ýaşly eneler bilen ýerinde duşuşarys" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar