Prezident Erdogan: "Beýik we güýçli Türkiýe gurýarys" diýdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, 21-nji asyryň we ondan soňky asyrlaryň beýik we güýçli Türkiýesini gurjakdyklaryny habar berdi

1607647
Prezident Erdogan: "Beýik we güýçli Türkiýe gurýarys" diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Ankara şäherinde Adalat we ösüş partiýasynyň 7-nji nobatdaky Beýik kongresinde eden çykyşynda, Türkiýäni ilki bilen 2023-nji ýyldaky maskatlaryna, ondan soň bolsa 2053-nji ýyldaky maksatnamalaryna Jemhur arkalaşygy bilen ýetirjekdiklerini habar berdi. 

Türkiýäniň we türk milletini hemişe öz içerki meseleleri bilen biynjalyk edip, soňky 2 asyrda düýpli üýtgeşmeleriň daşynda saklanlaryň, ýene-de şol bir oýuny oýnama synanyşýandyklaryny, emma bu gezek hötdesinden gelip bilmejekdiklerini aýdan Erdogan: "Sebäbi bu gezek tapawutly bir Türkiýe bar. 84 million raýaty bilen bir millet diýen bir Türkiýe bar. Bu gezek diňe elindäkilere eýe çykmak bilen kanagatlanmaýan, täze global syýasy we ykdysady düzgünde hak eden ýerini almak ugrundaky tutanýerliligini  2023-nji ýyldaky, 2053-nji ýyldaky we 2071-nji ýyldaky maksatnamalary bilen görkezjek bir Türkiýe bar. Soňky 8 ýylda gurulan duzaklary ýeke-ýeke ýumuryp geçen bir Türkiýe bar. Ellerinden gelse bir ýagyşly howada ýurdumyza bir käse suw bermejek bolanlar her gün öňümize täze mejburlyklary bilen çykmagy bizi ýolumyzdan dändirmedi. Mudnan soň hem dändirip bilmezler" diýip habar berdi. 

2023-nji ýylda maksatlaryny täze bir başlangyja öwürip, 21-nji asyryň we ondan soňky asyrlaryň beýik we güýçli Türkiýesini gurjakdyklaryny aýdan Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň Türkiýäni bilimden saglygy goraýyşa, senagatdan sporda çenli goýan maýalary bilen galkyndyrandygyny beýan etdi. 

Prezident Erdogan, ekstremist terror guramasy başda bolmak bilen ähli terror guramalaryny ýeňilişe sezewar edip, ýurdyň serhetleriniň çäginde aksiýa geçirip bilmejek ýagdaýa getirilendigini aýan etdi. 

Transportda 932 milliard lira maýa goýum bilen Türkiýäniň infrastrukturasyny täzeländiklerini aýdan Erdogan, koronawirus epidemiýasy sebäpli durnuksyzlyga girilen hem bolsada, gelejegiň iň uly howa ýoly aragatnaşyk infrastrukturasyna eýe ýurt hökmünde dünýädäki sanawyň ilkinji orunlaryna geçjekdigini habar berdi. 



Degişli Habarlar