Erdogan Bilen Merkel, Türkiýe-ÝB Gatnaşyklary Hakynda Pikir Alyşdy

Prezident Erdogan, Germaniýanyň Federal Kansleri Merkel bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi

1607231
Erdogan Bilen Merkel, Türkiýe-ÝB Gatnaşyklary Hakynda Pikir Alyşdy

 

Prezident R. T. Erdogan, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

Erdogan bilen Merkel, Türkiýe bilen Germaniýanyň we Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary ösdürjek başlangyçlar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Erdogan, Türkiýe-ÝB gatnaşyklaryndaky dialogyň oňyn täsirini birlikde görendiklerini we bu atmosferanyň  döredilmeginde Merkeliň goşandygynyň uludygyna ynanýandygyny nygtady.

Prezident Erdogan, Egeýde we Gündogar Ortaýer deňizinde dialogyň oňyn netije bermegi üçin Gresiýanyň höweslendirilmelidigini nygtady.



Degişli Habarlar