Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň 2023-nji ýyldaky saýlaw manifestini aýan eder

Adalat we ösüş partiýasynda şu gün 7-nji nobatdaky beýik kongres geçiriler

1607384
Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň 2023-nji ýyldaky saýlaw manifestini aýan eder

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, Ankara Sport zalynda geçiriljek kogresde partiýasynyň 2023-nji ýyldaky saýlaw manifestini aýan eder.

Partiýanyň agzalaryna ýüzlenip çykyş eder, partiýasynyň meýilnamalaryny beýan eder.

Kongresde Merkezi karar we dolanşyk geňeşi hem täzeden kesgitlener. 

Adalat we ösüş partiýadan beýik kongres üçin 11 syýasy partiýa çakylyk ugradyldy.

Kongresiň şygary "Türkiýe üçin howpsuzlyk we durnuklylyk" hökmünde kesgitlendi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli kogrese daşary ýurtlardan myhman çagyrylmady, çäkli ýagdaýda jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, maýyplar, söweşde şikes ýetenler we söweşde şehit bolanlaryň ýakynlary çagyryldy.

Kongresde ýörite bir aýdym we üç sany  mahabat filmi görkeziler. 



Degişli Habarlar