Türkiýe, Nigerde Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

Nigerde 2021-nji ýylyň 21-nji martynda guralan terrorçylykly hüjümde azyndan 40 adam ýogalypdy.

1606332
Türkiýe, Nigerde Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

 

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Nigeriň Tilla şäherinde 2021-nji ýylyň 21-nji martynda guralan terrorçylykly hüjümde azyndan 40 adamyň ýogalmagyna uly gynanç bildirilýändigi nygtaldy.

Beýannamada “Hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýarys. Dost we doganlyk ýurt nigeriň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris. Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet dileýäris we merhumlaryň hossarlaryna gynanç bildirýäris” diýildi.

Nigeriň Tilla şäherinde 2021-nji ýylyň 21-nji martynda guralan terrorçylykly hüjümde azyndan 40 adam ýogalypdy, köp sanly adam hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar