Russiýanyň Ankara şäherindäki ilçisi düýn Daşary işler ministrligine çagyryldy

Russiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýerhow düýn Daşary işler ministrligine çagyryldy

1606945
Russiýanyň Ankara şäherindäki ilçisi düýn Daşary işler ministrligine çagyryldy

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Russiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýerhow bilen düýn minstrlikde duşuşyk geçirilendigi bellenip: "Russiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýerhow bilen düýn ministrligimizde duşuşyk boldy. Duşuşykda esasan hem Siriýadaky hüjümler ara alynyp maslahatlaşyldy. Aladalarymyz rus tarapyna ýetirildi. Hassahana guralan hüjümiň üstünde durulyp geçildi. Harby ýolbaşçylarymyz hem aladalaryny rus tarapyna ýetirdi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar