Mewlüt Çawuşgoly, Garadagyň Daşary Işler Ministri Džordže Radulowiç Bilen Duşuşdy

“Garadagdaky maýa goýumlarymyz gün saýyn artýar. Syýahatçylyk pudagy boýunça tejribe alyşarys"

1606373
Mewlüt Çawuşgoly, Garadagyň Daşary Işler Ministri Džordže Radulowiç Bilen Duşuşdy

 

NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşgoly iş saparynyň çäginde Garadagyň Daşary işler ministri Džordže Radulowiç bilen duşuşdy.

Ministr Çawuşogly duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda, Brýusselde Radulowiç bilen duşuşandygyny aýtdy.

Radulowiçiň, Antalýa Diplomatiýa forumynyň we Günorta gündogar Ýewropa ýurtlarynyň sammitiniň çäginde Türkiýä geljekdigini ýatladan Çawuşogly “Garadagdaky maýa goýumlarymyz gün saýyn artýar. Syýahatçylyk pudagy boýunça tejribe alyşarys. Täze görnüş koronawirus pandemiýasyna garşy ýakyndan hyzmatdaşlyk ederis” diýdi.



Degişli Habarlar