Çawuşogly: "Türkiýäniň ähli terror guramalaryna garşy göreşi dowam eder" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda Türkiýäniň ähli terror guramalaryna garşy göreşiniň dowam etjekdigini habar berdi

1607037
Çawuşogly: "Türkiýäniň ähli terror guramalaryna garşy göreşi dowam eder" diýdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherindäki NATO ştabynda geçirilen maslahatda, çykyş etdi. 

Maslahatyň 1-nji bölümindäki çykyşyndan soň, çykyşy barada sosial media hasabyndan maglumat beren Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Owganystanda parahatçylyk etaby üçin ýokary derejeli maslahata ýer eýeçiligini etjekdigini habar berdi. 

Liwiýada durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin Türkiýäniň berýän goldawynyň dowam etjekdigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "PKK/ÝPG hem Yraga hem-de Siriýa howp salýar. Türkiýäniň ähli terror guramalaryna garşy göreşi dowam eder" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar