Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 117 Boldy

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 22 müň 216 adama ýetdi

1606256
Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 117 Boldy

 

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 117 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 30 müň 178 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 201 müň 215 adam testden geçirilip, ýene-de 981 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 22 müň 216 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 19 müň 494 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 844 müň 681 adama ýetdi.



Degişli Habarlar