Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde soňky 3 günde 35 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Siriýadaky Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde soňky 3 günde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 35 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Parahatçylyk Çeşmesi sebitine garşy hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy desant güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelik bilen Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan soňky 3 günde Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde täsirsiz ýagdaýa getirilen PKK/ÝPG-e agza terrorçylaryň sany 35-e ýetdi" diýip habar berildi.
Ýewfrat Galkany sebitinde uçarmansyz howa ulaglary bilen anyklanan PKK/ÝPG-e agza 10 terrorçy desant güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Degişli Habarlar
Türkiye, Çiliniň kararyna reaksiýa bildirdi
Türkiye, Çiliniň 1915-nji ýyldaky wakalary "genosid" hökmünde ykrar eden kararyna reaksiýa bildirdi
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Ertir TRT-niň Ispan dilindäki digital ýaýlym platformasy tanyşdyrlar