Prezident Erdogan 21-nji mart Bütindünýä Daun sindrom habardarlyk güni mynasybetli beýanat berdi

Prezident Erdogan Bip we Telegram gollanmalaryndan  21-nji mart Bütindünýä Daun sindrom habardarlyk güni mynasybetli ýüzlenme berdi

1605466
Prezident Erdogan 21-nji mart Bütindünýä Daun sindrom habardarlyk güni mynasybetli beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, 21-nji mart Bütindünýä Daun sindrom habardarlyk güni mynasybetli beren beýanatynda: "Tapawutlylygyňyz bilen dünýämizi gözelleşdirýärsiňiz, baýlaşdyrýarsyňyz. Barlygyňyza şükür" diýip belledi. 

Prezident Erdogan Bip we Telegram gollanmalaryndan  21-nji mart Bütindünýä Daun sindrom habardarlyk güni mynasybetli ýüzlenme berdi. 

Erdogan: "Ýörite talaplary bolan çagalarymyz bilen bagly habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen yglan edilen 21-nji mart Bütindünýä Daun sindrom habardarlyk gününde ähli daun sindromly doganlarymyza we gadyrly maşgalalaryna hormatlarymy we söýgimi ugradýaryn. Tapawutlylygyňyz bilen dünýämizi gözelleşdirýärsiňiz, baýlaşdyrýarsyňyz. Barlygyňyza şükür" diýip habar berdi. 

Prezident Erdoganyň aýaly Emine Erdogan hem sosial media hasaby Twitterden beren beýanatynda, her kimi, ähli daun sindromly şahsyýetleriň durmuşa deňhukukly gatnaşmagy üçin olaryň ýanynda bolmaga çagyryp: "Söýgüniň güýji bilen biri-birimiz bilen jebis bolmagy dileýärin" diýip nygtady.



Degişli Habarlar