Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan mesele bilen bagly beýanat berildi

1493834
Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýanyň demirgazygyndaky Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Soňky 24 sagatda Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 8 terrorçy, gahryman desant güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi. Sebitde asudalyk we durnuklylyk gurşawynyň bozulmagyna rugsat bermeris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar