Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreş dowam edýär

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 30 müň 61 adama ýetdi

1605532
Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreş dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda çekilen adam pidasy 102 boldy.

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 30 müň 61 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 189 müň 906 adam testden geçirilip, ýene-de 965 adama koronawirusyň ýolugandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 20 müň 428 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 17 müň 615 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 825 müň 187 adama ýetdi.


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar