Türkiýäniň Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 29 müň 959 adama ýetdi

1605191
Türkiýäniň Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda çekilen adam pidasy 95 boldy.

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 29 müň 959 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 190 müň 129 adam testden geçirilip, ýene-de 958 adama koronawirusyň ýolugandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 21 müň 61 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 18 müň 815 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 807 müň 572 adama ýetdi.



Degişli Habarlar