Prezident Erdogan, Sloweniýaly Kärdeşi Pahor Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki kärdeş Türkiýe bilen Sloweniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi hakynda pikir alyşdy

1605170
Prezident Erdogan, Sloweniýaly Kärdeşi Pahor Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan, Sloweniýanyň Prezidenti Borut Pahor bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Sloweniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, Türkiýe we Sloweniýanyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk şertnamasynyň baglaşylmagynyň 10-njy ýylynda özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösmeginden hoşaldyklaryny belledi.

Sloweniýanyň, Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyna berýän goldawy üçin sagbolsun aýdan Erdogan, Sloweniýanyň 1-nji iýulda ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne almagy bilen Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklarda öňe gidişlik edilmegini umyt edýändigini nygtady.



Degişli Habarlar