Türkiýäniň Erbil şäherindäki Baş konsullygynyň Halapça ýüzlenmesi

Türkiýäniň Erbil şäherindäki Baş konsullygy 1988-nji ýylyň 16-njy martynda Halapça şäherinde guralan hüjüm bilen bagly gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1602241
Türkiýäniň Erbil şäherindäki Baş konsullygynyň Halapça ýüzlenmesi

Türkiýäniň Erbil şäherindäki Baş konsullygy Yragyň Halapça şäheriniň 1988-nji ýylyň 16-njy martynda himiki ýaraglar bilen bomabalanmagynyň 33-nji ýyly bilen bagly gynanç ýüzlenmesini çap etdi. 

Baş konsullygyň Twitter hasabyndan berilen gynanç ýüzlenmesinde, Baas režimi tarapyndan 1988-nji ýylyň 16-njy martynda Halapça şäherinde guralan himiki hüjümde müňlerçe bigünä adamyň rehimsizlik bilen öldürilmeginiň taryhda gara bir tegmil hökmünde ýatlanýandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bu adamzat gymmatlyklaryna bap gelmeýän hüjümden gaçyp özüne sygynan kürt doganlaryna gapylaryny açan Türkiýe, şol uly gam-gussany şu günki gün hem paýlaşýar. Halapça gyrgynçylygynda ýogalan adamlara Alladan rehnet dileýäris" diýip nygtaldy. 



Degişli Habarlar