Egeý deňizinde 102 bosgun halas edildi
Bosgunlar deslapky işlerinden soň welaýat Migrasiýa edaralaryna gönükdirildi
1601824
Izmir, Aýdyn, Çanakgala we Mugla welaýatlarynyň suw giňişliklerinde çiýşirilen gaýyklardaky 102 bosgun Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan halas edildi.
Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen jemi 102 bosguny halas etdiler.
Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy Izmirde 49 bosguny, Aýdynda 22 bosguny, Çanakgalada 20 bosguny, Muglada 11 bosguny halas etdi.
Bosgunlar deslapky işlerinden soň welaýat Migrasiýa edaralaryna gönükdirildi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.