Ýerli Sanjym Ýylyň Ahyryna Çenli Öndüriler

Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warank ýylyň ahyryna çenli koronawirus sanjymyny öndürmegi maksat edinýändiklerini aýtdy

1601580
Ýerli Sanjym Ýylyň Ahyryna Çenli Öndüriler

Warank, “Bäsdeş Pudaklar Maksatnamasynyň” tanyşdyrlyş çäresinden soň teleýaýlymlardan birine beren beýannamasynda ýerli sanjymda ýetilen sepgit hakynda maglumat berdi.

Sanjym taýarlamagyň iňňän çylşyrymlydygyna we uzak möhlet talap edýändigine ünsi çeken Warank, Kaýseri welaýatynda üstünde işlenýän sanjymyň häzirki wagtda 2-nji tapgyr barlaglarynyň geçirilendigini, 3-nji tapgyra geçilmek üçin taýarlyklaryň dowam edýändigini aýtdy.

Ministr Warank Kowid-19 Türkiýe Platformasynyň çäginde Türkiýäniň Ylmy we Tehniki Barlaglar Guramasynyň hem-de ministrligiň goldaýan taslamalarynyň bardygyny ýatladyp; “Platforma täzelikçi, dünýäde az synagdan geçirilen sanjymlary öndürmek isleýäris. Şolardan biri wirusa meňzeş bölejikler (WLP) diýilýän wirusa meňzeş bölejikler sanjyma dalaşgär. Dünýäde diňe 2 ýurt şol sanjymyň üstünde işleýär” diýdi.

Öndüriljek sanjymyň birnäçe ýyl dowam etjek pandeiýa garşy göreşde möhüm üstünlik boljakdygyny beýan eden Warank, sanjymy beýleki ýurtlara bermek üçin hem degişli taýarlyklaryň dowam edýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar