Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Tunjeli welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanata görä, Hozat etrabynyň obalyk ýerinde operasiýa geçirildi

1600974
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Tunjeli welaýatynda geçirilýän "Eren-7 Merjan Munzur" atly operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan ulanylan 5 gaçybatalga ýer bilen ýegsan edildi. 

Tunjeli welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanata görä, Hozat etrabynyň obalyk ýerinde operasiýa geçirildi. 

Operasiýada terrorçylar tarapyndan ulanylandygy anyklanan 5 gaçybatalga, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýok edildi. 

Gaçybatalgalarda geçirilen gözleg işleriniň netijesinde gündelik ýaşaýyş üçin niýetlenen köp mukdarda zat ele salyndy. 

Sebitde terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi maksady bilen geçirilýän operasiýalar dowam edýär. 



Degişli Habarlar