Ibrahim Kalyn Bloomberg kanalyna beýanat berdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, Türkiýäniň Russiýada satyn alan S-400-leriň NATO goranyş ulgamlaryna integrasiýa edilmejekdigini habar berdi

1597163
Ibrahim Kalyn Bloomberg kanalyna beýanat berdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, Bloomberg kanalyna beren beýanatynda, Türkiýe bilen ABŞ-ny bölýän esasy 3 meseläniň: ABŞ-nyň PÝD/ÝPG-e berýän goldawy, S-400-ler we KAATSA sanksiýalary we FETÖ-niň ýolbaşçysynyň ABŞ-da galmagyna rugsat berilmegidigini beýan etdi. 

Gynansagam bu mesleler boýunça hiç hili öňe gidişligiň edilmändigini we ädim edilmändigini aýdan Ibrahim Kalyn, bu meseleleriň Türkiýäniň milli howpsuzlyk aladalarynyň özenini emele getirýändigini mälim etdi. 

Bu meseleleriň konstruktiw dialog ýoly bilen açyk we ýürekden gepleşikler geçirip, çözüp boljakdygyna ynanýandyklaryny aýdan Kalyn: "ABŞ-nyň syýasy gurluşlarynyň göz ýetirmegi gerek zady, bu meseleleriň biz üçin nähili derejede ähmiýetlidigini görmek" diýip belledi. 

Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlaryny satyn almak baradaky karara Türkiýäniň bir günde gelmändigine ünsleri çeken Kalyn: "Elimizdäki S-400-ler NATO goranyş ulgamlaryna integrasiýa edilmez we şeýlelik bilen NATO goranyş ulgamlaryna bir howp emele getirjek pozisiýada bolmaz" diýip habar berdi. 

Kalyn 2-nji S-400 ulgamy bilen baglanşykly soraga bolsa: "Ilkinji ylalaşyk bilen bagly etap dowam edýär we ählisi şol bir etabyň bölegi. Şol bir ylalaşygyň tapawutly etaplarda durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly tapgyr dowam edýär" diýip beýan etdi. 

Türkiýäniň Patriot ulgamlary bilen birlikde Fransuz-Italiýan hyzmatdaşlygynda öndürilen SAMP/T raketalaryny hem almak isländigini ýatladan Kalyn: "Emma Fransiýa Siriýany bahana edip, bu etaba böwet bolmak barada karar kabul etdi. Fransiýa bilen bu etaby çaltlandyrmak üçin gepleşiklere dowam edýäris. Biz saýlamlara gapylarymyzy ýapmaýarys" diýip belledi. 


Etiketkalar: #S-400 , #NATO , #Ibrahim Kalyn , #ABŞ

Degişli Habarlar