Gresiýa tarapyndan yzyna itilen bosgunlar halas edildi

Kenara çykarylan bosgunlar deslapky işlerinden soň Migrasiýa edarasyna gönükdirildiler

1597525
Gresiýa tarapyndan yzyna itilen bosgunlar halas edildi

Izmirde we Muglada Gresiýanyň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen 40 bosgun halas edildi.

Izmir welaýatynyň Çeşme etrabynda bosgunlaryň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda Türkiýäniň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar şol ýere gönükdirildi.  

Gresiýanyň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen çiýşirilen gaýykdaky 12 bosgun halas edildi.

 

Türkiýäniň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar, Mugla welaýtynyň Marmaris etrabynyň Bozburun etrapçasynyň suw giňişliginde çiýşirilen gaýykda bosgunlaryň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda işe girişdiler. 

Gresiýanyň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilendigi anyklanan 15 bosgun kenara çykaryldy. 

Halas ediş toparlar Gökçeburun diýilen ýeriň suw giňişliginde hem Türkiýäniň suw giňişligine itilen çiýşirilen gaýykdaky 13 bosguny halas etdiler. 

Kenara çykarylan bosgunlar deslapky işlerinden soň Migrasiýa edarasyna gönükdirildiler. 



Degişli Habarlar