“Zenanlara Edilýän Basyşy we Zulumy Adamzat Jenaýaty Hökmünde Görýärin we Berk Ýazgarýaryn”

Prezident Erdogan, zenanlary 8-nji mart Bütindünýä aýal-gýzlar günü bilen gutlady

1596913
“Zenanlara Edilýän Basyşy we Zulumy Adamzat Jenaýaty Hökmünde Görýärin we Berk Ýazgarýaryn”

Prezident R. T. Erdogan “Zenanlara edilýän basyşy we zulumy adamzat jenaýaty hökmünde görýärin we berk ýazgarýaryn” diýdi.

Prezident Erdogan, 8-nji mart Bütindünýä aýal-gýzlar günü mynasibetli çap eden ýüzlenmesinde “ Söýgi doly ýürekleri, mähirleri, pidäkärlikleri we çekýän zähmetleri bilen adamzadyň umydy bolan ähli zenanlarymyzyň 8-nji mart Bütindünýä aýal-gyzlar güni gutly bolsun” diýdi.

Erdogan, maşgalanyň we jemgyýetiň özenini emele getirýän zenanlaryň bilimden sungada, ykdysadyýetden syýasata çenli ähli ugurlarda iş alyp barmagyna uly ähmiýet berýändiklerini ýatlatdy.

Erdogan ýüzlenmesinde: “Zenanlaryň jynsy sebäpli basyşa sezewar bolmagyna elmydama garşy durarys, hukuklaryny gözlemeklerinde bolsa goldaw bereris” diýdi.

Prezident Erdogan ähli ugurlarda zenanlaryň hukuk derejesini haka we adalada esaslanýan düşünjäni ýaýbaňlandyrmak üçin iş alyp barýandyklaryny ýatladyp, zenanlaryň ähli taraplaýyn öňe gitmegi ugrunda tagalla etjekdiklerini nygtady.

Ýüzlenmesinde: “Duçar bolýan haksyzlyklaryna, adalatsyzlyklaryna, alalamalara garşy elmydama zenanlaryň ýanynda durmak adamyň esasy borjudyr” diýen Prezident: “Çekýän zahmetleri, söýgi doly ýürekleri we pidakärlikleri bilen dünýämizi gözelleşdirýän, durmuşyň eşreti bolan, adamzadyň umydyna öwrülen zenanlarymyzyň Bütindünýä aýal-gyzlar gününi gutlaýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar