"Syýasatda zenany aýyrýan, adamzadyň ýarsyna däl, eýsem ýaradylşada arkasyna döndügi bolar"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Durmuşyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly syýasatdada zenany aýyrýan, adamzadyň ýarsyna däl, eýsem ýaradylşada arkasyna döndügi bolar" diýip belledi

1597333
"Syýasatda zenany aýyrýan, adamzadyň ýarsyna däl, eýsem ýaradylşada arkasyna döndügi bolar"

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, paýtagt Ankarada geçirilen partiýasynyň Zenan şahalary 6-njy nobatdaky kongresinde eden çykyşynda, hem TBMM-de hem-de döwlet edaralarynda zenanlaryň sanyny artdyrandyklaryny belläp: "Durmuşyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly syýasatdada zenany aýyrýan, adamzadyň ýarsyna däl, eýsem ýaradylşada arkasyna döndügi bolar" diýip habar berdi. 

Zenananlara garşy edilýän zorluklar bilen bagly TBMM-de täze bir komissiýa döredendiklerini aýdan Erdogan: "Elimizden gelenini soňuna çenli ederis. Zenanlaryň zorluga sezewar galmagyna rugsat bermeris" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan: "Zenanlaryň hukuklary babatynda ösen ýurtlardan zenan jenaýatlarynyň ýurdumuzdakydan ençeme esse köpdügi baradaky hakykaty görmediksiräp, Türkiýäni nyşana alýanlaryň derdi, milletimiziň edil özüdir" diýip belledi. 

Zenany eje, aýal, çaga ýa-da adam bolmakdan çykaryp köksüz, ruhsyz bir şahsyýet sypaty bilen öňlerine çykarmaga synanyşýanlaryň oýnuny oýnamajakdyklaryny aýdan Erdogan: "Täze döwürdäki ileri tutýan ugurlarymyzyň biri hem maşgala gurluşlaryny güýçlendirmek bolar" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar