Erdogan Jonson Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezidenti R.T.Erdogan Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1597401
Erdogan Jonson Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä telefon söhbetdeşliginde söwda, syýahatçylyk, goranmak, oba hojalygy, hyzmatlar, maýa goýum we koronawirusa garşy göreş ýaly ugurlarda Türkiýe bilen Britaniýanyň gatnaşyklaryny ösdürjek başlangyçlar hem-de sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan epidemiýa şertlerine görä Türk-iňlis Süýji Dil Forumyna ýylyň ikinji ýarymynda ýer eýeçiligini etmäge taýardyklaryny beýan edip, aprel aýynda syýahatçylygyň bökdençsiz we howpsyz başlajakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

2020-nji ýylyň 29-nji dekabrynda Erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagyndan iki ýurduň gatnaşklarynda täze başlangyç emele getirendigini nygtan Erdogan, şol çäkde ediljek başlangyçlaryň 20 milliard hökmünde kesgitlenen özara söwda mukdary maksadyna ýetmegi ýeňilleşdirjekdigini beýan etdi.

Kipr meselesinde Britaniýanyň soňky döwürde edýän tagallasyna kanagatlanma bildiren Erdogan, iki döwletli çözgüt bilen diňe bir adadaky taraplar üçin däl, eýsem täze sebitleýin hyzmatdaşlyk şertleri taýdan hemmeler üçin bähbitli boljakdygyny nygtady.



Degişli Habarlar