Fewral Aýynda 78 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Täsirsiz ýagdaýa getirlen 78 terrorçydan 59-y terror guramasy PKK/KJK-a, 18-i DAIŞ-e we 1-i hem çepçi terror guramasyna agza.

1596194
Fewral Aýynda 78 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

 

Fewral aýynda ýurduň içinde guralan operasiýalarda 78 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Çatakly, terrora garşy guralan operasiýalar hakynda maglumat berdi.

Çatakly fewral aýynda Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylygynda 12-si uly, 40- orta ululykda bolmak bilen jemi 7 müň 32 operasiýanyň guralandygyny aýtdy.

Terror guramasynyň şäherlerdäki agzalaryna we tarapdarlaryna garşy 1583 operasiýanyň guralandygyny aýdan Çatakly, täsirsiz ýagdaýa getirlen 78 terrorçydan 59-nyň ekstremist terror guramasy PKK/KJK-a, 18-niň DAIŞ-e we 1-niň hem çepçi terror guramasyna agzadygyny belledi.



Degişli Habarlar