Ýaralanan Esgerleriň Ýagdaýy Gowy"

Akar, Elazygda, dikuçar heläkçiliginde şehit bolan 11 esger üçin geçirlen harby dabaradan soň metbugata beýannama berdi

1595814
Ýaralanan Esgerleriň Ýagdaýy Gowy"

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Bitlisiň Tatwan etrabynda bolan dikuçar heläkçiliginde ýaralanan esgerleriň ýagdaýynyň gowudygyny aýtdy.

Akar, Elazygda, dikuçar heläkçiliginde şehit bolan 11 esger üçin geçirlen harby dabaradan soň metbugata beýannama berdi.

Şehitler üçin duýgudaşlyk bildiren Akar, ýaralanan esgerleriň ýagdaýynyň gowudygyny belledi.

Düýn Bitlisde ýaramaz howa şertleri sebäpli dikuçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde 11 esger şehit bolupdy, 2 esger hem ýaralanypdy.

Ýaralanan esgerler hassahanada bejergi astyna alnypdy.



Degişli Habarlar