Türkiýe Arap Ligasynyň Kararlaryny Kabul Etmeýär

Türkiýe Arap ligasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň maslahatynda Türkiýä garşy kabul edilen kararlary dolulygyna ret edýändigini habar berdi.

1595598
Türkiýe Arap Ligasynyň Kararlaryny Kabul Etmeýär

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada: “Arap ligasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 2021-nji ýylyň 3-nji martynda geçirilen masslahatynda ýurdumyza garşy kabul edilen esassyz kararlary dolulygyna ret edýäris” diýilýär.

Kabul edilen kararlaryň arap halklary üçin hiç hili many aňlatmaýandygyna üns çekilýän beýannamada: “Arap ligasyna girýän käbir ýurtlaryň öz kabul edilmesiz işleriniň üstüni ýapmak maksady bilen ýurdumyza garşy üýtgewsiz töhmetlerini dowam etdirmekde ygrarly çemeleşmegi dost we doganlyk arap halklary üçin hiç hili many aňlatmaýandygyny Arap ligasyna girýän ýurtlar hem gowy bilýärler” diýilýär.

Käbir agzalaryň kabul edilen kararlara garşy durandygyna üns çekilýän beýannamada; “Agza ýurtlaryň arasynda aç-açan gepleşikler tapgyry geçirilmezden käbir töwerekleriň gönükdirmesi boýunça kabul edilen şeýle kararlara Arap ligasyna girýän käbir ýurtlaryň hem garşy durandygy görülýär” diýilýär.

Beýannamada: “Arap ligasyny esassyz garaýyşlar bilen ýurdumyzy nyşana almagyň ýerine arap halkynyň asudalygy, abadançylygy we bagtyýarlygy üçin tagalla etmegä, sebitde howpsyzlygyň hem-de durnuklylygyň ornaşdyrylmagyna oňyn goşant goşmaga ýene-de bir gezek çagyrýarys” diýilýär.



Degişli Habarlar