FETÖ Türkiýä Duşman, Hyýanat Ulgamydyr

Ömer Çelik FETÖ-niň ABŞ-da beren reklamasyna berk reaksiýa bildirdi

1594916
FETÖ Türkiýä Duşman, Hyýanat Ulgamydyr

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Fetullahçy terror guramasyny käbir ýaranlary tarapyndan Türkiýäni garalamak üçin berilen reklama reaksiýa bildirdi.

Çelik Twitterden beren habarnamasynda FETÖ-nin Türkiýä duşman hyýanat ulgamydygyny beýan edip: “FETÖ Türkiýä duşman, şol sebäpli Prezidentimize hem duşman. Bu hyýanat ulgamy Nýu-Ýorkda “Stop Erdogan” söz başyly ýalan-ýaşryk bildirişler bilen Hormatly Prezidentimizi nyşana alyp, hyýanatlarynyň üstüne ýene-de birini goşdy” diýip ýazdy.

Çelik, şol hyýanat ulgamynyň Türkiýäniň we Prezident R.T.Erdoganyň egilşiksiz pozisiýasyny üýtgetmäge güýjüniň ýetmejekdigini nygtap: “FETÖ, hyýanat maksatlarynyň öňünde iň uly bökdençlik hökmünde Prezidentimizi görýändigi üçin dünýäniň her ýerinde Erdogana duşmançylyk edýär. FETÖ, Türkiýä duşman bolan ähli hyýanat taslamalarynyň meýletin guly. FETÖ-niň ýolbaşçylary PKK ýaly adamzada we Türkiýä duşmandyr.

Bularyň Prezidentimize hüjüm etmegi milletimize duşman bolandygy üçindir. Prezidentimiziň arkasynda milletimiziň ygtyýary we goldawy bar. FETÖ-niň arkasynda bolsa Türkiýä duşman ulgamlar bar. FETÖ garşy göreş milli mobilizlenmedir. Prezidentimiziň egilşiksiz dolanşygy bilen şeýle terror we hyýanat toruna garşy göreş soňuna çenli dowam eder” diýdi.

 



Degişli Habarlar