Erdogan Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň 14-nji maslahatyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, koronawirus global epidemiýasyna garşy göreşde diňe güýçli jebislik, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlyk bilen üstün çykyp boljakdygyny habar berdi

1595135
Erdogan Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň 14-nji maslahatyna gatnaşdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň 14-nji maslahatynda çykyş etdi. 

Prezident Erdogan ol ýerde eden çykyşynda: "Bu global koronawirus epidemiýa apatyna garşy göreşde diňe güýçli jebislik, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlyk bilen üstün çykyp. Görülen zerur çäklendirmeleriň, proporsional we wagtlaýyn häsýeti, şübhesiz umumy söwda gatnaşyklarymyz taýdan takykdyr" diýip belledi. 

Prezident Erdogan, 17 ýyl bäri durmuşa geçirilip bilinmedik Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň Söwda ylalaşygynyň iň gysga wagtda ýola goýulmagynyň peýdaly boljakdygyny beýan etdi. 

"Hytaýyň Nesil we Ýol taslamasyna ähmiýet berýändigimizi, girdeji al-girdeji al esasynda bu taslamany goldaýandygymyzy bellemek isleýärin" diýip aýdan Erdogan: "2025-nji ýyl Görüş resminamasynda göz öňünde tutulan taslamalaryň maliýeleşdirilmeginde ulanylmak maksady bilen Görüş gaznasynyň döredilmegini goldaýarys. Mundan soňky esasy maksatlarymyzyň biri Garabagda howpsuzlygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna goldaw bermek, 30 ýyllyk ermeni basyp alyşlygynyň weýrançylygyny bilelikde dikeltmek. Eýrana garşy goýulan birtaraplaýyn häsýetdäki sanksiýalaryň bes edilmegi, sebitimiziň ykdysady abadançylygyna we durnuklylygyna goşant goşar" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan, Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolan ähli ýurtlary DKTR bilen ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryny ösdürip, sezewar galan adalatsyzlygyň hötdesinden gelmegi üçin kömek bermäge çagyrdy. 



Degişli Habarlar