Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Bejergisi tamam bolan 7 müň 191 adam bilen birlikde, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany jemi 2 million 593 müň 264 adama ýetdi

1594540
Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda adam ýitgisi 65 boldy. 

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri ýogalanlaryň sany 28 müň 771 adama ýetdi. 

Soňky 1 günde 138 müň 18 adam testden geçirilip, 689 adamyň koronawirusa ýolugandygy anyklandy. Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 11 müň 520 adama ýetdi.

Bejergisi tamam bolan 7 müň 191 adam bilen birlikde, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany jemi 2 million 593 müň 264 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar