"Müsür bilen deňiz ygtyýar giňişlikleri boýunça gepleşikler geçirip şertnama gol çekişip bileris"

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Müsür bilen deňiz ygtyýar giňişlikleri boýunça gepleşikler geçirip şertnama gol çekişip bileris" diýip belledi

1594362
"Müsür bilen deňiz ygtyýar giňişlikleri boýunça gepleşikler geçirip şertnama gol çekişip bileris"

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, paýtagt Ankara şäherinde saparda bolýan Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawit Zalkaliani bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Mewlüt Çawuşogly, 18-nji fewralda Müsüriň Ortaýer deňizinde nebit we gaz gözleg işleri üçin yglan eden ygtyýar meýdançalarynyň biri bolan 18-nji meýdança bilen Türkiýäniň kontinental şelfini kabul edendigi baradaky soraga, Müsüriň geçen ýyl Gresiýa bilen ylalaşyk baglaşan mahaly hem Türkiýäniň kontinental şelfiniň günorta serhetlerine hormat goýandygyny mälim etdi. 

Müsüriň Türkiýäniň kontinental şelfiniň içine girmän öz kontinental şelfiniň içinde seýsmiki ylmy-derňew işlerini dowam etdirýändigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Müsür biziň kontinental şelfimize hormat goýmaga dowam edýär, biz muňa oňyn garaýarys" diýip belledi. 

Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň we Müsüriň Gündogar Ortaýer deňizjnde iň uzyn kenarlary bolan iki ýurtdugyna ünsleri çekip: "Gatnaşyklarymyzyň ýagdaýyna görä biz hem Müsür bilen deňiz ygtyýar giňişlikleri boýunça gepleşikler geçirip şertnama gol çekişip bileris" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar